adres ad‧res

  1. Hatyň, ýa-da başga poçta üsti bilen iberilýän zatlaryň ýüzünde barjak ýeriniň we şony aljagyň ady görkezilen ýazgy.

    • Azajyk garaş, ýene iki sanjak adres ýazmaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýaşalýan ýeriň, jaýyň ýa-da edaranyň, kärhananyň, guramanyň we ş. m. bolan ýeri.

    • Ol myhmanhanada jaý tutandan soň, Wüşi keliň adresini yzarlap gitdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Ýubileý ýa-da bir dabaraly waka üçin birini hat üsti bilen gutlama.

    • Şahyryň elli ýyllyk ýubileýine adres gowşuryldy.

  4. Biri hakda, biri barada, biri dogrusynda.

    • Gazetlerde onuň adresine ýazylan makalalary we feletonlary okardym. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • adresde
  • adrese
  • adresem
  • adresi
  • adresim
  • adresime
  • adresimiz
  • adresimize
  • adresine
  • adresini
  • adresiň
  • adresler
  • adreslerdäki
  • adresleri
  • adreslerini
  • adresli
  • adresliligi
  • adresliligini
  • adresliligiň
  • adreslilik
  • adreslilikdir
  • adressiz