adat at

[a:dat]

  1. Bir milletiň durmuşyna ornaşan gadymdan gelýän däp-dessur.

  2. Endik, gylyk-häsiýet.

    • Çünki ol öýde bolan wagty radio diňlemegi bir eýýämden bäri adat edinipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýelli öz adaty boýunça käselere çakyp guýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Hemişeki, öňki.

    • Ýaz adatdakysyndan ir geldi.

adatdan daşary

Aýratyn, ýalňyz, çendenaşa bolýan.


Duş gelýän formalary
  • adat-da
  • adata
  • adatam
  • adatda
  • adatdaky
  • adatdakylar
  • adatdakylara
  • adatdakylary
  • adatdakylaryndan
  • adatdakysy
  • adatdakysyndan
  • adatdan
  • adatdy
  • adatdyr
  • adatlar
  • adatlar-da
  • adatlara
  • adatlarda
  • adatlardan
  • adatlary
  • adatlarymyzy
  • adatlaryna
  • adatlarynda
  • adatlaryny
  • adatlarynyň
  • adatlaryň
  • adatly
  • adatlylygyny
  • adatlylygyň
  • adatmy
  • adaty
  • adatydy
  • adatydyr
  • adatymyzda
  • adatymyzy
  • adatyna
  • adatynda
  • adatyny
  • adatynyň
  • adatyça
  • adatyň
  • adatyňa
  • adatyňam
  • adatyňdan
  • adatça