[a:damlyk]
Adamkärlik, oňat boluşlyk, gowy gylyk-häsiýetlilik.
Ol demirçiniň bolja adamlygy bir çen bardy. (M. Gorkiý, Ene)
Hany seniň adamlygyň? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Birnäçe adamdan ybarat bolan, ençeme adama niýetlenen.
Dört adamlyk nahar.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem adamlyk - adamlygy.