adamçylyk at

[a:damçylyk]

seret adamkärçilik

  • Ol guduzlaryň tohumyny kesmek gerek, olar adamçylyk sypatyny ýitiripdirler ahyry. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Olaryň birnäçesi öz okuwçylaryna ylym öwretmekden başga, adamçylyk hem öwredýärler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem adamçylyk - adamçylygy.

adamçylygy ýitirmek

Jemgyýetçiligiň gözünden düşmek, wagşylaşmak.