adam at

[a:dam]

  1. Geplemeklige we pikir alyşmaklyga, jemgyýetçilik zähmet prosesinde durmuş üçin serişde döretmeklige we ondan peýdalanmaklyga ukyby bolan ynsan.

  2. Är.

    • Onuň adamsy gahrymanlarça gurban boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Otuz ýyl mundan öň, adamym bilen biz Türkmenistana gelipdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

adam bolmak

  1. Ulalyp ýetişmek.

  2. Parasatly bolmak, akyllanmak.

    • Sen eýýäm adam bolupsyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

adam etmek

Ekläp-saklap ýetişdirmek, kemala getirmek.

  • Men olary adam etdim, indi öz islegime görä il sanyna-da bir goşaýyn, ondan soň keýpleri kellelerinde. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

adam saýmazlyk

Äsgermezlik, adam hasap etmezlik.

  • Ýelliniň ony adam saýman aýdan sözi Wüşi gaharynyň öňündäki böwedini böwüsdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gaty adam

Gysganç adam.

göçgün adam

Tiz gyzýan, gahary tiz gelýän adam.

gurt ýaly adam

Gaty edermen, batyr adam.

ownuk adam

Bolgusyz, jinnekçi, maýdaçyl adam.

ýag ýaly adam

Mylaýym sözli, ýagşy gylykly adam.

ýarym adam

Eli, aýagy ýok bolup ýa-da başga bir synasy agyr şikesli bolup, işe doly ýaramaýan adam.