aşyklyk 1

Injik bilen buduň aşyk arkaly birleşýän bogny.

  • Çopan ol toklynyň aşyklygyndan tutup öweçläp barýardy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aşyklyk - aşyklygy.

aşyklyk 2

[a:şyklyk]

Birini tüýs ýürekden söýmeklik, bir zada hyrydar bolmaklyk.

  • Wüşi kel Bahara öz aşyklygyny duýduryp, bir-iki sapar aşygana hat hem ýazypdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aşyklyk - aşyklygy.


Duş gelýän formalary
  • aşyklygy
  • aşyklygyndan
  • aşyklygyny
  • aşyklygynyň
  • aşyklygyň
  • aşyklygyňy
  • aşyklykdan