aşyk 1 at

Art aýagyň injik süňki bilen but süňküni birleşdirýän we çagalaryň oýnaýan aýratyn bir formadaky süňki.

  • Ol işden eli sypynsa, öz deň-duşlary bilen uzyn gün aşyk oýnaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Öýe gelemde işim aşyk, topaz oýnamak bolardy. (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aşyk - aşygy.

aşygy alçy oturmak

Bagty getirmek.

aşyk 2 at

[a:şyk]

  1. Birini tüýs ýürekden söýen.

    • Basyp-da zyndana, ot berip derä, Aşyklar hamyndan tar eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Bir zady söýüp hyrydar bolan.

    • Men ýaňlanýan süýji owaza aşyk! (M. Gorkiý, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aşyk - aşygy.


Duş gelýän formalary
  • aşyga
  • aşygam
  • aşygy
  • aşygydy
  • aşygydyk
  • aşygym
  • aşygymy
  • aşygyna
  • aşygyny
  • aşygynyň
  • aşygyň
  • aşygyňa
  • aşygyňdan
  • aşygyňy
  • aşykda
  • aşykdan
  • aşykdy
  • aşykdyk
  • aşykdym
  • aşykdyr
  • aşyklar
  • aşyklara
  • aşyklardan
  • aşyklary
  • aşyklaryny
  • aşyklaryň
  • aşykly
  • aşyklygy
  • aşyklygyndan
  • aşyklygyny
  • aşyklygynyň
  • aşyklygyň
  • aşyklygyňy
  • aşyklyk
  • aşyklykdan
  • aşyklyny
  • aşyklynyň
  • aşyklyň
  • aşykmy
  • aşykça