aşmak işlik

[a:şmak]

  1. Aňyrsyna geçmek, ötmek; ýol geçmek.

    • Nury diýer öňe gadam basýarsyň, Daglar aşyp, uzak ýollar kesýärsiň. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  2. Basmak, argaşmak (mal hakda).

  3. Galmak, ýokarlamak, gymmatlamak.

    • Bahasy bäş manatdan hem aşdy.

  4. Gyrasyndan, erňeginden agmak (suwuklyk hakda).

aňkaň aşmak

seret aňka

  • Ýitgimiz ençe günläp aç-hor gezensoň, onuň halys aňkasy aşaýypdyr-ow! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Köp işe ýetişjek bolup aňkaň aşmak.