aşaklatmak işlik

[aşa:klatmak]

  1. Peseltmek, pese düşürmek, aşak düşürmek.

    • Emma ol meni uzak göterip bilmän, kem-kemden aşaklatdy. (Myraly)

  2. Arzanlatmak, bahasyny peseltmek, gymmadyny azaltmak.

    • Önümçiligiň önüme düşýän gymmadyny aşaklatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aşaklatmak - aşakladýar, aşakladar, aşakladypdyr.