Iýilýän naharlaryň umumy ady.

  • Ýorunjadan biziň garnymyza aş bolýarmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

agyzda aş gatyklamak

Bolsady ekmek, gury söz bilen göwnüňi berjaý etmek.

aş bermek

Dini düşünjä görä: Öleniň hatyrasyna nahar bermek.

aş saýlamak

Agzy bimaza bolmak, ýürek bulanmak, göwrede çaga galmak sebäpli, organizmiň he dürli nahary, iýmiti talap etmegi, göwreliligiň birinji stadiýasy.

aşa düşmek

Gereginden artyk iýmek, köp iýip, özüňi horlamak.

haýsy aşyň gatygy

«Sen kim, sen nämäniň alynyňdan?» diýen manydaky aňlatma.