aňsatlyk

[aňsa:tlyk]

Ýeňillik, ýönekeýlik, sadalyk, kyn dällik.

  • Duş gelýän kynçylyklaryň hemmesini aňsatlyk bilen ýeňip geçýärdi. Kä ýeri aňsatlyk bilen tohum aldy.

  • Meseläni aňsatlyk bilen çözmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aňsatlyk - aňsatlygy.