aňsatlatmak işlik

[aňsa:tlatmak]

Aňsat etmek, ýeňilleşdirmek, ýönekeýleşdirmek, sadalaşdyrmak.

  • Bu täze usul maşyn bölekleriniň ýasalyş prosesesini aňsatlatdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aňsatlatmak - aňsatladýar, aňsatladar, aňsatladypdyr.