aýyrmak işlik

  1. Alyp başga ýerde goýmak, bir predmeti bir ýerden ikinji bir ýere gozgamak, ýerini üýtgetmek, süýşürmek.

    • Ata tigriňi aňyrrak aýyr!

  2. Üstünden sypyrmak, çykarmak.

    • Hoşgeldi daşky köýnegini aýryp, bir çetde duran oturgyçlaryň biriniň üstüne atdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Onuň papagyny aýryp gördüm. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Döwmek, owratmak, ýarmak.

    • Hatda odun aýyrmak ýaly agyr işleri-de oňa buýurýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Bäşim, bar, peje salar ýaly odun aýyr!

  4. Boşatmak, çykarmak (işden, wezipeden).

    • Gulluk wezipesinden aýyrmak.

  5. Matematika Bir sandan ikinji bir sany bölüp almak we üçünji bir san çykarmak hem-de şonda ulanylýan belgi.

    • Ondan bäşi aýyrmak.

  6. Nika bozdurmak.

    • Gelni ärinden aýyrmak nämä gerek?

  7. Hapadan saplamak, arassalamak.

    • Üweljek bugdaýy sowrup, hapasyny aýyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem aýyrmak - aýrar, aýrypdyr.