aýyp at

Köpçülik düzgünine laýyk bolmadyk, ýigrenilýän , gelşiksiz, ýaramaz , günä, utanç.

  • Seniň bu nadanlygyň, Bilseň, köp aýyp ýeňňe. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Aglamak aýyp bolar. («Görogly» eposy)

  • Iwan Timofeýewiç, men indi öz aýybyma düşünýän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aýybyny aýdan uýalmaz. (nakyl)

  • Aýybyny ýaşyran aýňalmaz. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýyp - aýyby.