aýtym

[a:ýtym]

  1. Eliň aýasy.

    • Eliň aýtymy ýalyjak dokuz gektar ýer. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Belli bir möçberdäki meýdan, ýer.

    • Ýatagyň bütin aýtymy ýagtynyň astyna düşdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gür gara şahalar şowlap üstünde, Giden giň aýtyma kölege salýar. (R. Seýidow, Bagtlylar)

    • Eşelon Çärjewe gelende, wokzalyň öňündäki aýtymda miting gidýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

dünýäň el aýtymyna gelmek

seret dünýä

  • Artyk jan, seni alyp gidenlerinde, meniň dünýäm el aýtymyna gelipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)