aýtmak işlik

  1. Bir zat hakda habar bermek, duýdurmak, diýmek.

    • Hakykaty aýtmak maňa, bu hakykaty diňlemek hem size, elbetde, agyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bir zadyň alamatydyr -- diýip, men aýtmadymmy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Berdi jan, men kän aýtdym, Gireli diýip kolhoza. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Dostuň aýybyny ýüzüne aýt. (nakyl)

  2. Ýerine ýetirmek.

    • Nazym umyt bilen aýdym aýdýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Gürrüň bermek, söhbet etmek, gürlemek.

    • Ertekileri aýtmak tehnikasy öňki we häzirki wagtda-da örän gyzykly meseledir. («Edebiýat»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýtmak - aýdýar, aýdar, aýdypdyr.