aýtdyrmak işlik

  1. Habar berdirmek, mälim etdirmek; duýdurtmak.

    • Mama uzak gije Aýnanyň daşyna geçipdi, emma kimiň alyp gaçanyny aýtdyryp bilmändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Özüň utanýan bolsaň başga birine aýtdyraýarlar.

  2. Ýerine ýetirtmek, işletmek, oýnatmak.

    • Şol aýdym öz ýüreklerinden turan daýhanlar, ony gaýtalap-gaýtalap aýtdyrypdyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Gürrüň berdirmek, gürletmek.

    • Agşam atama erteki aýtdyrdyk.