aýryt

  1. Uly ýoldan başga bir ýoluň aýrylyp gidýän ýeri, ýoluň dürli tarapa bölünýän ýeri.

  2. Iki buduň çanaklyk bilen birleşýän ýeriniň arasy.

    • Kä ýeri dyza, kä ýeri aýryda golaýlan bugdaýyň içinde ýüzüni ýokary tutup gezýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Derýanyň kä ýeri uýlugyndan, kä ýeri aýrydyna ýa ýetýär, ýa-da ýetenok. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýryt - aýrydy.