aýrylyşmak işlik

  1. Çat açyp, ýarylyp başlamak.

  2. Biri-birinden aýrylmak, aýrylyp gitmek.

    • Onuň bilen aýrylyşanda, özünde nähilidir bir ýeňillik syzdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Bu kitaby göreniňden soň, sen menden aýrylyşyp bilmersiň-diýdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Özbaşdak hojalyk bolmak.

    • Ol ene-atasy bilen aýrylyşyp, öýli-işlikli boldy.

  4. seret aýrylmak

    • Maşgalanyň aýrylyşmak gorkusy ýüze çykýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)