aýratynlyk

[aýraty:nlyk]

  1. Üýtgeşiklik, tapawutlylyk.

    • Ony Türkmen halkyna, Türkmen durmuşyna mahsus bolan aýratynlyklar bilen doldurýar. («Edebiýat»)

  2. Özbaşdaklyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýratynlyk - aýratynlygy.