aýratyn

[aýraty:n]

  1. Üýtgeşik, tapawutly.

  2. Başga, özge.

    • Aýratyn dillerde geplejek-de biz, Bölünmeýän birdir dilmiz, göwnümiz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Has, örän, juda.

    • Garry atasy Wepany aýratyn gowy görüp, ony özi bilen hemişe oba alyp gidýäni üçin, özünden uly doganlary oňa görübilmezçilik edýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Esasan.

    • Men ony aýratyn hem şu gün syzdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. Özbaşdak.

    • Magtymgulynyň eserleri birnäçe gezek aýratyn kitap edilip çykaryldy.

  6. Ýörite.

    • Nyýazbegden aýratyn hatlar hem getirip berdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  7. Ýalňyz, ýeke, diňe.

    • Ol öz janyny aýratyn saňa ynanýar.