aýralyk

  1. Birek-birekden aýra düşmeklik, watanyňdan iliňden jyda, hijran düşmeklik.

    • Emma indi siziň bilen aýralyk wagty geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ikimiziň aramyza ajy aýralyk salarlar öýdüp gorkýaryn. (A. Gowşudow, Köptdagyň eteginde)

  2. Ölüm-ýitim.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýralyk - aýralygy.

aýralyk çogy

Aýralyk ody, aýralyk derdi, azaby.