aýny1

Gepleşik dili Dürli hereketler edip il gülüşdirýän, kelpeň, kelçik (adam).

  • Diýseňizem ol örän aýny adam.

aýny bolmasa

Bolar-bolmaz ýerden, kelçiklik edip...

  • A gyz, galyň gyrnak, aýny bolmasa, ýene öweý ene diýjekdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

aýny2

Edil, tüýs, diýen.

  • Hasylyň aýny wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnalmagyny gazanmak gerek. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Oka, ýene-de oka, Aýny okajak çagyňdyr. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)