aýna at

[a:ýna]

  1. Kwars çägesini eretmek ýoly bilen alynýan dury jisim.

    • Emma birden penjiränin aýnasynyň ýüzünde ýeňiljek şygyrdy peýda boldy.

    • Bagda bir howuz bar, aýna dek suwy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Aýna işläp çykarýan zawod.

  2. Arka ýüzüne syrça çalnan, ýüz görülýän esbap.

    • Emma öz keşbinden doýup bilenok, Aýnaň ýandan kowup aýryp bolanok. («Tokmak» žurnaly)

    • Asma aýna göni gapa garap dur. Bir gyzylly sagat bolsa ýöräp dur. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  3. seret penjire

    • Başlygyň iş otagynyň iki sany aýnasy bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

aýna ýaly

Örän arassa, ýalpyldap duran, päkize.

  • Onuň öýüniň içi aýna ýalydy.

aýnada gören ýaly bilmek

Anyk bilmek, açyk bilmek.

  • Ol bir ýigit bilen söýşüp giden däldir. Men şony aýnada gören ýaly bilýärin! -- diýip, Annagul gygyrdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • aýna-da
  • aýnada
  • aýnadaky
  • aýnadan
  • aýnady
  • aýnadygyny
  • aýnadyr
  • aýnalar
  • aýnalara
  • aýnalaram
  • aýnalardan
  • aýnalary
  • aýnalaryna
  • aýnalaryny
  • aýnalarynyň
  • aýnalaryň
  • aýnaly
  • aýnam
  • aýnama
  • aýnamy
  • aýnamyka
  • aýnamyz
  • aýnamyza
  • aýnamyň
  • aýnanam
  • aýnany
  • aýnanymy
  • aýnanyň
  • aýnanyňam
  • aýnasy
  • aýnasydy
  • aýnasydyr
  • aýnasyn
  • aýnasyna
  • aýnasynda
  • aýnasyndaky
  • aýnasyndan
  • aýnasyny
  • aýnasyny-da
  • aýnasynyň
  • aýnasynyňky
  • aýnasyz
  • aýnaň
  • aýnaňy