aýmança

[a:ýmança]

  1. Odun-çöp, mal-hal we ş. m. saklamak üçin edilen üsti açyk, haýat görnüşli jaý, aýlaw.

    • Daşyna aýmança aýlanan giňişlige awçylaryň bütin sürini hem kowup salan wagtlary bolupdyr.

    • Mal salar ýaly aýmança. Goýun-guzy salynýan aýmança.

  2. Gonamçylykda mazaryň daşyna aýlanýan haýat.


Duş gelýän formalary
  • aýmançada
  • aýmançalar
  • aýmançalarda
  • aýmançalary
  • aýmançalaryny
  • aýmançalaryň
  • aýmançaly
  • aýmançany
  • aýmançanyň
  • aýmançasy
  • aýmançasyna
  • aýmançasynda
  • aýmançasyz