aýlyk at

[a:ýlyk]

  1. Bir aýyň dowamynda çekilen zähmete döwlet tarapyndan tölenýän hak.

    • Hojamyrat aýda näçe aýlyk alýar? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Aýlaýyn, bir aýyň dowamy.

    • Sekiz aýlyk agyr günleri başyndan geçiren Aýna ertirden soň keteni geýip, şaýlanyp çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýlyk - aýlygy.