aýlawly sypat

  1. Öwrümli, sowa. Aýlawly ýol.

  2. Çylşyrymly, kyn.

    • Durmuşyň eýýäm geçilen aýlawly ýollaryny ýadyna salýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Kesgitleme aýlawly bolmaly däldir. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

  3. Göçme manyda Daşdan görýän, paýhasly, parasatly, düşünjeli (adam hakynda).

    • Meret aýlawly ýigitdir.

  4. Göçme manyda Köpbilmiş, mekir, hilegär (adam hakda).

    • Artyk özüni nähili bişişendirin hasap etse-de, Eziziň aýlawly sözleriniň, arasyndan sypyp bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Dogrusy, ol tüýs bir içi aýlawly gedem adam ekeni. («Tokmak» žurnaly)