aýlanyşmak işlik

  1. Bir zadyň daşynda gezmeleşmek, köp bolup aýlanmak.

    • Firidun Seriýe daýza seretdi, onuň töwereginde aýlanyşýan çagalaryň başlaryny sypalady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Bir işe girişmek, başlamak.

    • Onsoň ýüklerini geçirmäge aýlanyşdy. Gaçgaklaryň ters yzyny almaga aýlanyşdylar. («Görogly» eposy)