aýlanmak işlik

  1. Pyrlanmak, tigirlenmek.

    • Balerina bir aýagynda birnäçe gezek aýlandy.

  2. Barlap, görüp gaýtmak, synlamak.

  3. Göçme manyda Belli bir hala öwrülmek.

    • Bol suw bilen ýer tapyşsa, ülke gülzara aýlanardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Gezelenç etmek.

    • Şu adam birnäçe aýdan bäri derýa boýlarynda aýlanyp ýör. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

daşynda aýlanmak

seret daş2