aýgyt at

  1. Aýyk, aýdyň, äşgär, belli, mälim.

  2. Göçme manyda Maksat, arzuw, isleg, netije.

    • Mama öz aýgydyny aýtmaga gyssandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýgyt - aýgydy.


Duş gelýän formalary
  • aýgyda
  • aýgydy
  • aýgydyna
  • aýgydyndan
  • aýgydyny
  • aýgydynyň
  • aýgydyň
  • aýgydyňyzyň
  • aýgytda
  • aýgytdan
  • aýgytlarynda
  • aýgytlarynyň
  • aýgytly
  • aýgytlyk
  • aýgytlylygy
  • aýgytlylygyny
  • aýgytlylygynyň
  • aýgytlylyk
  • aýgytsyz
  • aýgytsyzlygy
  • aýgytsyzlygyndan