aýdyňlyk

[a:ýdyňlyk]

  1. Ýagtylyk, durulyk, açyklyk.

    • Gije aýdyňlykdy.

  2. Äşgärlik, anyklyk, düşnüklilik, çylşyrymsyzlyk, mese-mälimlik.

    • Puşkiniň poeziýasynyň stiliniň ýönekeýligi we aýdyňlygy, hakykaty realistik suratlandyrmaga jan etmegi barha açyk ýüze çykýar. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen çäreler bütin aýdyňlygy bilen kesgitlendi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýdyňlyk - aýdyňlygy.