aýdyňlatmak işlik

[a:ýdyňlatmak]

Bellisini etdirmek, mälim etdirmek, anyklatmak, takyklatmak.

  • Diňe onuň pikirini aýdyňlatmak üçin özüne sowal berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýdyňlatmak - aýdyňladýar, aýdyňladar, aýdyňladypdyr.