aýdyň

[a:ýdyň]

  1. Ýagty, dury, açyk.

    • Aý aýdyň aýazly gyş gijesi, kirşensiz asmanyň ýüzünde ýyldyzlar ýyldyraşýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Aý aýdyň bolsa-da golaý-goltumda gara-çyra görünmeýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Dogry, anyk, ynamly, hakyky.

  3. Belli, mälim, äşgär.

    • Olaryň gürrüňinden işçileriň durmuşynyň hemme ýerde bir meňzeşdigi aýdyň bolýardy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Biziň geljegimiz örän aýdyňdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

aýdyň ýol

seret ýol