aýak at

  1. Janly jandarlarda ýöremek üçin hyzmat edýän organ.

    • Baş ulusy-döwlet, aýak ulusy-mähnet. (nakyl)

    • Aýagy uly syganyn geýer, aýagy kiçi -- söýenin. (nakyl)

  2. Stoluň, taganyň we ş. m. daýanjy.

    • Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, biri synsa, hiç bolar. (nakyl)

  3. Derýanyň, akar suwuň baryp guýýan ýeri.

  4. Ahyr, soň, aýyň, ýylyň, paslyň we ş. m. gutaryp barýan wagty, döwri.

    • Gyş paslynyň aýagy ýakynlaşdy, şu gün hem soňky günlerden biridi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  5. Kömekçi söz rolunda:

    • Olar derýanyň aýagyn-ýaşaýarlar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýak - aýagy.

aýaga galmak

  1. Bir işiň ugruna düşmek, baş götermek, garşy çykmak.

    • Eý ezilen gullar, aýaga galyň! (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  2. Sagalmak, keselden gutulmak.

    • Başda çyrçyklydy, daýandy çaga, Kem-kemden özi-de galdy aýaga. (A. Kekilow, Söýgi)

aýagy agyr

  1. Göwreli.

  2. Aýagy düşmedik, şowsuz.

aýagy bişen ýaly bolmak

Bir ýerde durmazlyk.

  • Maýsa aýagy bişe ýaly bolup, iki ýana zowzuldady.

aýagy düşmek

seret düşmek

aýagy düşümli bolmak

Haýyr bermek, wepaly bolmak, bagt getirmek (täze durmuşa çykan gyz hakda).

aýagy ýer tutmak

Bir ýerde ymykly ýerleşmek.

  • Onuň aýagy sähel ýer tutsa, dost-ýary däl, halkyny hem unutjagyna ynanýan. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

aýagyna ýykylmak

Ýalbarmak.

  • Geldi köse pisini aşyryp, onuň aýagyna ýykyldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

aýagyny baglamak

Öýli-işikli etmek, öýermek.

aýagyny daňmak

Öýlendirmek, öýli-işikli etmek.

aýagyny dürs basmak

Dogry gezmek, özüňi gowy alyp barmak.

aýagyny kesmek

Gelmegini bes etdirmek.

aýagyny sallap gitmek

Biderek, nähak ýok bolmak.

aýagyňy bir ýere depmek

Öz aýdanyňy etdirjek bolup ýan bermän gaýtalap durmak, özüňkini gögertjek bolmak.

  • Biz öz aýagymyzy bir ýere depip, ýedi gat ýer astyndan göwher almaga ymtylýarys. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

aýak aldygyna

Örän çalt, örän gaty.

  • Aýak aldygyna çapyp barýar. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

aýak astyna almak

Basgylamak, depelemek.

aýak bagy

Päsgel berýän, böwet bolujy, asgynjaň.

aýak bitmek

Ýöremäge başlamak (çaga hakynda).

  • Abadan ýaňy aýak bitenje gyzjagazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

aýak çekmek

Durmak, saklanmak.

  • Ýaş ýigit aýak çekdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

aýak sekmek

Aralaşmak, gelmek.

  • Şäher içine hiçbir duşman aýak sekmez. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

aýak ýazmak

Dem-dynç almak, az wagt dynç almak üçin oturmak.

aýak ýoluna çykmak

Meýdan etmek.

iki aýagyny bir gonja sokmak

Çykalgasyz ýagdaýda goýmak, bialaç etmek.