aýňalmak işlik

  1. Keselden açylyşmak, syrkawlykdan birneme sagalmak, ganymatlaşmak.

    • Operasiýadan soň, syrkaw gün-günden aýňalmaga başlady.

  2. Özüne gelmek, akyl-huşuna aýlanmak.

    • Elgüşüň zarp bilen urmagy eýle-beýle urgy bolmasa-da, möjek şol bada aýňaldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýaňy gala süsdürilende seňselän balyk indi aýňalypdy. (N. Jumaýew, Syrly Gala)

  3. Göçme manyda Gurplanmak, daýanmak, tijenmek.

    • Aýybyny ýaşyran aýňalmaz. (nakyl)