1 at

[a:ý]

  1. Astronomiýa Asman jisimi, Günüň şöhlesinden ýagty alýan planeta, hereketi boýunça Ýeriň hemrasy.

    • Aý dik asmana galanda, biz ýola düşüpdik. Aý dogsa, älem görer. (nakyl)

  2. Kalendar hasaby boýunça otuz günüň jemi, ýylyň on iki böleginiň biri.

    • Aýda gelsin, aman gelsin. (nakyl)

    • Biz bir aý praktikada bolduk.

aý agyllamak

Aýyň daşynda ak halka emele gelmek.

aý aýdyň

Ýagty.

  • Aý aýdyň aýazly gyş gijesi, kirşensiz asmanyň ýüzünde ýyldyzlar ýyldyraşýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

aý görjek ýaly seretmek

Garanjaklap siňe-siňe seretmek.

aý peri

seret peri

  • Göýä wada berip gypaýda gözüň, Ýarynyň elinden zülpi sypýardy, Aý peri gözüni ýene gypýardy. (G. Seýitliýew, Saýlanan Gogşular)

aý tutulmak

Aýyň ýüzüne Ýeriň kölegesi düşmek.

aýyň bölegi

seret aý peri

  • Onuň aýyň bölegi ýaly ýüzüni, nogta gara saçlaryny, geýimlerini tozan basypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

2 ümlük

Äsgermezligi, göwni ýetmezligi, ökünji, kanagatlanmazlygy aňladýan ümlük.

  • Aý, zyýany ýok-la! («Bahar»)

  • Aý, kesbiňden bereket tap-a! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aý, men-ä bilmedim!