açylmak işlik

  1. Açyk bolmak, gapagy, agyzýapysy aýrylmak.

    • Alnan hatlar şol ýeriň özünde açylýardy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  2. Herekete başlamak, funksionirläp başlamak.

    • Şu ýyl taýýarlanyp, täze açylan, Belent klub jaýy görünýär daşdan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bir gün bu kentde-de mekdep açylar, çagalary okadarsyň. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Güllemek, gül açmak.

    • Açylypdyr güllerimiz, Azat saýraýar dillerimiz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Durlanmak, ýagtylmak, ümür-dumansyz bolmak (howa hakda).

    • Hawa kä açylýar, käte bulaşýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  5. Dowam etdirilmek, başlanmak, döredilmek.

ýüzi açylmak

seret ýüz

  • Altynyň ýüzi açylyp başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)