açyk sypat

  1. Ýapyk däl, bagly däl.

    • Tamyň gapysy açyk duran ekeni. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

    • Açyk gapy.

  2. Gizlin däl.

  3. Aýdyň, dury, tämiz.

    • Gyş wagtynda okuwçynyň sporta we açyk howada oýnamaklyga bolan höwesini her hili ýol bilen götergilemek gerekdir. (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirýow, Pedagogika)

    • Açyk asman buludy dek. (M. Gorkiý, Eserler)

  4. Göni, dogry, dos-dogry, anyk.

    • Ýokuş degýär -- diýip açyk aýdýar, oňa hem ýokuş degýär, emma gitmek isleýär. (M. Gorkiý, Ene)

  5. Üsti ýapyk bolmadyk, daşyna haýat, gabaw edilmedik.

    • Ýygnak açyk meýdanda geçýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem açyk - açygy.

eli açyk

seret el

  • Eli açyk adam.

göwni açyk

Şat, şähdi göterilen.