Bir zadyň gapagyny, agyz ýapysyny aýyrmak, agzyny açyk goýmak.
Gapyny açmak. Çäýnegiň gapagyny açmak.
Äşgär etmek, mälim etmek, ýüze çykarmak.
Ýygnagy, mejlisi we ş. m. açyk hasap etmek başlamak.
Ýygnagy açmak.
seret agyz
Aňk edip agzymy açdy-da gitdi. («Tokmak» žurnaly)
seret ara
Emma Jepbar hem ondan bir eýýäm arany açypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol bizden arany açyp gitdi.
seret göwün
Şol bagda seýil edip göwnüm açýaryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret göz
seret guduz
seret gürrüň
seret ot 2
seret pis
Onuň endamy pis açan ýalydy.