açlyk

[a:çlyk]

  1. Hasyl bitmezlik ýa-da başga sebäpler zerarly azyk önümleriniň ýetmezligi.

    • Siziň otaýyňyz açlykmy? (M. Gorkiý, Eserler)

  2. Uzak wagtlap doýa naharlanmazlyk, nahar iýmek zerurlygyny duýmak, ajykmaklyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem açlyk - açlygy.

açlyk yglan etmek

Bir zada närazylyk bildirip, belli möhlet arasynda nahardan ýüz döndermek (tussag hakda).