açar

  1. Gulp we ş. m. açmak, ýapmak üçin metaldan edilen gural.

    • Ol jübülerinden halka düzülen bir topar açar çykaryp, gulpy açjak boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Açarsyz gulp. Açar ýitirmek.

  2. Umuman bir zada düşünmek, akyl ýetirmek üçin serişde.

    • Göwün bir hazyna bolup, dil hem onuň açarydyr.

    • Pagta azat zähmetiň açarydyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)