[a:ç]
Açlygy duýýan, dok däl, zat iýmedik.
Kimleri aç edip, kimleri galtan, kimleriň tagtyny zer eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Dok çaýkanman, aç doýmaz. (nakyl)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aç - ajym, ajyň.
seret eşek
Seniň bu penjegiň aç eşege ýük boljak.
Iýmit bilen doly üpjün bolmadyk, çala mydar, ýarym dok.