şyrkyldatmak işlik

Şyrkyldyly ses çykartmak, şyrkyldyly ses etdirmek.

  • Sygyrlar toýnaklaryny şyrkyldatmak bilen howany ýaňlandyryp molaýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Kiçijik gapagy şyrkyldadyp ýady-da, aýaklarynyň daraklygyna basyp, koridor bilen gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şyrkyldatmak - şyrkyldadýar, şyrkyldadar, şyrkyldadypdyr.