şypyrdatmak işlik

Şypyrdyly ses çykartmak, şypyrdyly ses etdirmek.

  • Jumajyk welosipedini şypyrdadyp, ýapajyk suwlaryň içi bilen sürüp geçýärdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şypyrdatmak - şypyrdadýar, şypyrdadar, şypyrdadypdyr.