şypa at

[şypa:]

  1. Bir zatdan ýeten peýda, kömek, haýyr, ýakymly täsir.

    • Hijrinde hassa men, sen bergil şypa, Şypa isläp geldim men bimar saňa. («Türkmen Halk Şahyrana Döredijiligi»)

  2. Derman, em, melhem.

    • Gymyz injekeseliň birden-bir şypasydygy kime gizlin? ! («Sowet edebiýaty» žurnaly)