şyltak at

  1. Üste çyrşalan, ýokuşan hapa, kir.

    • Üstüň tutuş şyltak bolupdyr.

  2. Göçme manyda Birine nähak ýüklenýän töhmet, garalyk, günä.

    • Olar meni ýok etjek bolup ýanap ýöreýärler, şyltak gözleýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şyltak - şyltagy.