şowsuzlyk at

Şowly dällik, şowuna düşmeklik, oňaýsyzlyk.

  • Onuň işiniň şowsuzlygynyň üstüne, gaýta kakasy hem gyjalat berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Megerem, bu ýigit bir şowsuzlyga duçar bolandyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şowsuzlyk - şowsuzlygy.