şowly şow‧ly sypat

Şowuna düşen, ugruna bolan, üstünlikli, oňaýly (iş, meýil we ş. m. hakda).

  • Bularyň döwek işleri şowly barýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Operasiýanyň şowly boljakdygyna biz hem ynanýarys. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem şowly - şowluda, şowlular, şowlusy.


Duş gelýän formalary
  • şowludy
  • şowludygyna
  • şowludyr
  • şowlulary
  • şowlularyndan
  • şowlularynyň
  • şowlulyga
  • şowlulygy
  • şowlulygyna
  • şowlulygyny
  • şowlulygyň
  • şowlulyk
  • şowlusy