Işiň gowy netijesi, üstünlik, oňat, ugruna.
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem şow - şowum, şowuň.
Ugruna bolan gürrüň, şowly, oňaýly gürrüň.
Hemaýyn şow gürrüňden soň, Osipow Ezize ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Üstünlik bilen gutarmak, oňuna düşmek.
Ene böwet saklamaga şeýle sak bolsa-da, onuň sakçylygy bir gezek şowuna düşmedi. («Zähmet gahrymanlary»)
Göni, düz, tekiz.
Maýsa şow ýol bilen barýardy.
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem şow - şowum, şowuň.
Suw degirmenleriniň ýabynyň beýgelýän ýerindäki suwy sowmak üçin kesä sowulýan ýap.
Haraba bolup galan degirmen şowundamy ýa-da öýüne karthana öwren adamlaryň biriniň öýündemi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gurt hem şol oýnuň halkasynda peýda bolýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem şow - şowum, şowuň.