şorlatmak işlik

[şo:rlatmak]

Bir zadyň goruny ýa-da duzuny ýüzüne çykartmak, şor emele getirmek, şoruny çykartmak.

  • Arly tomsy günüň aşagynda gezmekden bugdaýreňk ýüzleri gara ýanyk derleri mele köýneklerini şorladypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şorlatmak - şorladýar, şorladar, şorladypdyr.